Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Labanyň: «Şu daş depesi bize şaýat bolsun» diýendigine görä, ol ýere Galet diýen at galdy. Biri-birimiziň tarapymyza ýaman niýet bilen geçmeli däldigimize, goý, ine, şu üýşmek bilen şu dikme daş şaýatlyk etsin. Emma bu siz bilen biziň we soňky nesillerimiziň arasynda subutnama bolmagy üçindir. Munda biz öz ýakma gurbanlyklarymyz, mal sadakalarymyzy we salamatlyk gurbanlyklarymyzy bermek bilen Rebbiň öňündäki borçlarymyzy Onuň huzurynda ýerine ýetireris. Wagt gelende, siziň nesilleriňiz biziň nesillerimize: „Siziň Rebde paýyňyz ýok“ diýip, hiç haçan aýdyp bilmezler. Şeýle hem, biz belli bir netijä geldik, haçan hem bolsa bir wagt olar bize we biziň nesillerimize şeýle diýäýseler, biz olara: „Ata-babalarymyzyň Rebbe guran bu gurbanlyk sypasynyň nusgasyna serediň, bu ýakma gurbanlygy ýa-da mal sadakasy üçin däl-de, siz bilen biziň aramyzda subutnama bolmagy üçindir“ diýeris. Rubenler we gatlar gurbanlyk sypasyna «Subutnama» diýip at berdiler. Olar: «Çünki bu biziň aramyzda Rebbiň Hudaýdygynyň subutnamasydyr» diýdiler.
Выбор основного перевода