Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Indi, eý, Ysraýyl, Hudaýyňyz Reb sizden näme talap edýär? Hudaýyňyz Reb sizden Özünden gorkmagyňyzy, diňe Onuň ýolundan ýöräp, Ony söýmegiňizi, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Hudaýyňyz Rebbe gulluk etmegiňizi isleýär. Hudaýyňyz Rebbiň öňünde kämil boluň. Soňra Ýeşuwa ähli halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň ata-babalaryňyz mundan köp ýyl öň Ýewfrat derýasynyň boýunda ýaşap, başga hudaýlara gulluk etdiler. Olaryň biri hem Ybraýym bilen Nahoryň kakasy Terady. Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Indi öz araňyzdaky keseki hudaýlary aýryp taşlaň we tutuş ýüregiňiz bilen Ysraýylyň Hudaýy Rebbe tarap öwrüliň» diýdi. Diňe Rebden gorkuň we Oňa tüýs ýürekden, wepadarlyk bilen gulluk ediň. Görüň, Ol siziň üçin nähili gudratly işleri etdi! Onsoň Men olara: „Her kim göz dikýän nejis zatlaryny taşlasyn, özüňizi Müsür butlary bilen haram etmäň; Hudaýyňyz Reb Mendirin“ diýdim. Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.
Выбор основного перевода