Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň. Siz olar bilen hem, olaryň hudaýlary bilen hem äht baglaşmaň. Olar siziň ýurduňyzda ýaşamasynlar, ýogsam, olar sizi Maňa garşy goýup, günä etmäge mejbur ederler. Olaryň hudaýlaryna gulluk etseňiz, siz gürrüňsiz duzaga düşersiňiz». Eger kimde-kim, hatda öz erkek doganyňyz, ejeňiziň ogly ýa-da öz ogul-gyzyňyz, söýgüli aýalyňyz, iň ýakyn dostuňyz: „Geliň, gidip, başga hudaýlara gulluk edeliň“ diýip, ne özüňiziň, ne-de ata-babalaryňyzyň tanaýan hudaýlaryna, ýeriň bu ujundan ol ujuna çenli bolan, daş-töweregiňizdäki size ýakyn ýa-da uzakda ýerleşýän halklaryň hudaýlaryna gizlinlikde sizi aldap yrmakçy bolsalar, Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýymyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr. Soňra Ýeşuwa ähli halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň ata-babalaryňyz mundan köp ýyl öň Ýewfrat derýasynyň boýunda ýaşap, başga hudaýlara gulluk etdiler. Olaryň biri hem Ybraýym bilen Nahoryň kakasy Terady. Size Hudaýyňyz Reb Mendigimi, amorlaryň topragynda ýaşasaňyz-da, olaryň hudaýlaryna sežde etmeli däldigiňizi aýdypdym. Ýöne siz Meni diňlemediňiz“ diýip aýtdy» diýdi. Nagomy oňa ýüzlenip: «Ine, seniň eltiň öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolandy, senem onuň yzy bilen gidäý» diýdi. Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady. «Eý, ysraýyl halky, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meni diňlemejek bolsaňyz, gidiň, mundan beýläk her kim öz butlaryna gulluk etsin; ýöne sadakalaryňyzdyr butlaryňyz bilen Meniň mukaddes adyma ysnat getirmäň.
Выбор основного перевода