Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýeşuwa we ähli ysraýyllar Zeranyň çowlugy Akany we onuň ogurlan kümşüni, donuny, altyn bölegini, onuň ogul-gyzlaryny we ähli emlägini: öküzlerini, eşeklerini, goýunlaryny, çadyryny onuň özi bilen bile Akor jülgesine alyp geldiler. Akanyň üstünde uly daş üýşmegi emele geldi. Ol biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Diňe şondan soňra Rebbiň gahar-gazaby köşeşdi. Şonuň üçin ol ýer şu günler hem Akor jülgesi diýlip atlandyrylýar. Soňra araçäk Benhinnom deresiniň ýanyndaky daglaryň etegine çenli aşak düşüp, Rapa deresine gelýär. Ol demirgazyga Hinnom deresine tarap aşak dowam edip, ýabuslaryň galasynyň günorta eňňidi bilen Eýnrogele baryp ýetýär. Indi bolsa araçäk demirgazykdan aýlanyp, Eýnşemeşe gelýär. Soňra Adummym geçidiniň garşysyndaky Geliloda çenli uzalyp, Ruben ogly Bohanyň daşyna tarap aşak düşýär.
Выбор основного перевода