Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu ýerden araçäk ýabuslaryň galasy Iýerusalimde ýerleşýän düzlügiň günortasyndaky Benhinnom deresinden ýokary galýar. Soňra ol Benhinnom deresiniň günbatarynyň garşysyndaky daglaryň depesine çenli galyp, demirgazykdaky Rapa jülgesiniň ahyryna çenli barýar. Soňra ýahudalar Iýerusalimi basyp alyp, onuň ilatyny gylyçdan geçirdiler we galany otladylar. Benýaminler Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykarmadylar, olar häli-häzire çenli hem benýaminler bilen bile bu ýerde ýaşap ýörler. Dawut patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslaryň üstüne ýöriş etdi. Ýabuslar Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň, hatda körlerdir agsaklaram seni yzyňa serpikdirip bilerler» diýýärdiler. Olar Dawut bu ýere girip bilmez diýip pikir edýärdiler.
Выбор основного перевода