Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Selophadyň gyzlary hakda Reb şeýle diýdi: „Olar islän adamsyna durmuşa çykyp bilerler, ýöne olaryň barjak kişileri öz tirelerinden bolsun. Ysraýyllaryň mülki bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ähli ysraýyllar öz tireleriniň mülküne eýelik etsinler. Aşdot galasy we onuň ownukly-irili obalary, Gaza galasy we onuň ownukly-irili obalary bilen Müsür derýasyna we Ortaýer deňziniň kenarlaryna çenli. Ýadyňyzdadyr, men bu milletleriň we basyp alan beýleki milletlerimiň ähli ýerlerini, Iordan derýasyndan Ortaýer deňziniň günbataryna çenli bolan aralygy siziň tireleriňize bije boýunça mülk edip paýlap berdim. Günbatar tarapy Lebohamadyň garşysyndaky nokada çenli bolan Ortaýer deňzi bolar. Bu günbatar tarapydyr.
Выбор основного перевода