Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Galalaryňyzda gandar bilen ar alyjynyň arasyndaky gan döküşikli dawalar, hak-hukugyň üstünde ýa-da uruşda siziň üçin çözmesi kyn dawalar ýüze çyksa, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň. Ol ýerde siz lewi ruhanylary we şol döwürde hyzmat edýän kazylar bilen maslahatlaşyň. Olar size her dawanyň çözgüdini mälim ederler. Rebbiň kanunyndan lezzet alýan, gije-gündiz şol barada oýlanýan bagtlydyr! Ol erbetleriň maslahatyna gitmeýär, günäkärleriň ýolundan ýöremeýär, ýaňsylaýjylaryň arasynda oturmaýar. Buýruklaryň barada men oýlanaryn, Seniň ýollaryňa dykgat bererin.
Выбор основного перевода