Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonda Musa olara şeýle diýdi: «Eger siz şu aýdanlaryňyzy edip, gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda söweşe gitseňiz, Reb duşmanlaryny gaçmaga mejbur edýänçä, gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmäňiz Rebbiň huzurynda Iordanyň aňry tarapyna geçseňiz we ýurt Rebbe tabyn bolsa, ondan soň siz yzyňyza dolanyp bilersiňiz. Bu siziň Rebbiň we Ysraýylyň öňündäki borçlaryňyzy ýerine ýetirdigiňiz bolar we bu ülke Rebbiň huzurynda siziň mülküňiz bolar. Eger beýle etmeseňiz, Rebbe garşy günä iş etdigiňiz bolar we hökman gazanan günäňiziň jezasyny çekersiňiz. Çagalaryňyz üçin galalar, sürüleriňiz üçin agyllar guruň, ýöne beren wadaňyzy berjaý ediň». Onsoň gatlar bilen rubenler Musa şeýle diýdiler: «Agamyz näme buýursa, biz gullaryň berjaý ederis. Çaga-çugalarymyz, aýallarymyz, dowarlarymyz we ähli mal-garalarymyz bu ýerde, Gilgat galasynda galar. Gullaryň bolan biz bolsa, gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmämiz agamyzyň aýdyşy ýaly, derýadan geçip, Rebbiň huzurynda söweşe çykarys». Onsoň Musa olar hakda ruhany Elgazara, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylaryna şeýle buýruk berdi: Şol wagt men size şeýle buýruk berdim: „Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy mülk edinmek üçin size berdi. Ähli söweşijileriňiz ýaraglansynlar-da, ysraýyl doganlaryňyzyň öňünden ýöresinler. Diňe aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garalaryňyz meniň size beren galalarymda galsynlar. Men siziň köp mal-garalaryňyzyň bardygyny bilýärin. Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berenden soň we olar hem Hudaýyňyz Rebbiň Iordanyň aňyrsyndan özlerine berýän mülk ýerini eýelänlerinden soň, her biriňiz meniň size beren mülküme dolanyp gelip bilersiňiz“.
Выбор основного перевода