Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berenden soň we olar hem Hudaýyňyz Rebbiň Iordanyň aňyrsyndan özlerine berýän mülk ýerini eýelänlerinden soň, her biriňiz meniň size beren mülküme dolanyp gelip bilersiňiz“. Soňra Ýeşuwa ruben, gat tirelerini we gündogardaky manaşa tiresini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Siz Rebbiň guly Musanyň buýruklaryny ýerine ýetirdiňiz we meniň ähli tabşyryklaryma boýun bolduňyz. Bütin şol wagtyň dowamynda siz doganlaryňyzy şu güne çenli ýeke taşlamadyňyz we öz Hudaýyňyz Rebbiň buýruklaryny dykgat bilen ýerine ýetirdiňiz. Ine, Hudaýyňyz Reb siziň doganlaryňyza söz berşi ýaly, olara parahatçylyk berdi. Şonuň üçin hem, indi siz öz öýleriňize, ýagny Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň beýleki tarapynda size beren ýerlerine eýelik etmäge dolanyp baryň.
Выбор основного перевода