Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onuň ruhanylary kanunlarymy basgyladylar, mukaddes zatlarymy harladylar; mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň arasynda parh goýmadylar, haramyň we halalyň nämedigini halka öwretmediler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryna biperwaý garadylar; Men olaryň arasynda äsgermezçilige duçar boldum. Ine, Hudaýyň öýüniň daşynda töwerekleýin diwar bardy. Ýaňky adamyň elinde uzynlygy alty tirsek bolan ölçeg taýagy bardy, her tirsek adaty tirsekden dört barmak uzyndy. Ol diwaryň galyňlygyny ölçedi: onuň ini-de, boýy-da bir ölçeg taýagyna deňdi. Soňra ol derwezäniň içki eýwanyny ölçedi, ini alty tirsek, uzynlygy sekiz tirsek çykdy. Söýeleriniň galyňlygy iki tirsekdi; derwezäniň içki eýwany Hudaýyň öýüne tarap bakyp durdy. Mukaddes öý üçin uzynlygy we ini bäş ýüz tirsek bolan inedördül meýdan we onuň töwereginde bolsa elli tirseklik açyk meýdan bolar. Men onuň daşynyň otly diwary, içiniň şöhraty bolaryn. Muny Reb diýýär“» diýdi.
Выбор основного перевода