Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň ol meni daşky howla getirdi; ol ýerde otaglar we töwerekleýin çekilen daş ýol bardy. Daş ýoluň ugrunda otuz otag bardy. Onsoň ol adam meni demirgazyk tarapdan daşky howla çykardy. Hudaýyň öýüniň meýdançasynyň we ymaratyň gapdalyndaky demirgazyk otaglara getirdi. Otaglaryň öňünde otaglara we daşky howla tarap uzalýan diwar bardy, onuň uzynlygy elli tirsekdi. Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.
Выбор основного перевода