Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň ol meni daşky howla getirdi; ol ýerde otaglar we töwerekleýin çekilen daş ýol bardy. Daş ýoluň ugrunda otuz otag bardy. Daşky howlynyň demirgazygyndaky derwezäniň-de uzynlygyny we inini ölçedi. Soňra ol meni günortadaky derwezeden içki howla getirdi we günortadaky derwezäni ölçedi; munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi. Onsoň ol adam meni Hudaýyň öýüniň daşky otagyna getirip, onuň söýelerini ölçedi, onuň ini her ýandan alty tirsekdi; bu öňki mukaddes çadyryň giňligi ýalydy. Günbatardaky meýdançanyň öňünde bir ymarat bardy, onuň ini ýetmiş tirsekdi; diwarynyň galyňlygy her ýandan bäş tirsek, uzynlygy togsan tirsekdi. Soňra ol adam Hudaýyň öýüni ölçedi: uzynlygy ýüz tirsekdi; onuň meýdançasy, jaýy, diwarlary bilen birlikde ýüz tirsek çykdy. Içki howlynyň gündogar tarapynda meýdança we ymarata bakýan başga otaglar hem bardy. Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir. Ýaňky adam meni derwezäniň gapdalyndaky girelgeden ruhanylaryň demirgazyga tarap bakýan mukaddes otaglaryna getirdi. Ine, ol maňa otaglaryň günbatarynda bir ýer görkezdi.
Выбор основного перевода