Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Size ol ýurdy gözden geçirmäge kyrk gün gerek bolan bolsa, kyrk günüň her güni üçin bir ýyl, jemi kyrk ýyllap etmişleriňiz üçin jeza çekersiňiz. Sizden ýüz öwrenimde, Meniň nähili bolýandygymy siz şondan bilersiňiz. Ulusynyň ady Ohola, kiçisiniňki bolsa Oholybady. Olar Meniňki boldular, ogullar we gyzlar dogurdylar. Atlaryna görä Ohola Samariýadyr, Oholyba Iýerusalimdir. Ohola Meniňkikä zyna edip, oýnaşlary bolan aşur ýolbaşçylaryna göwün berdi. Şonuň üçin Men ony göwün beren oýnaşlarynyň eline, ýagny aşurlaryň eline berdim. Olar onuň ýalaňaçlygyny paş etdiler, ogullaryny we gyzlaryny aldylar, özüni bolsa gylyç bilen öldürdiler. Oňa hökümler çykaryldy we ol aýallaryň arasynda masgara boldy.
Выбор основного перевода