Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz Meniň mukaddes halkymsyňyz. Şonuň üçin hem ýyrtyjylaryň meýdanda parçalan mallarynyň etini iýmäň. Ony itleriň öňüne oklaň». Eger salamatlyk gurbanlygynyň etinden üçülenji gün iýilse, onda ol kabul bolmaz we ony hödür eden üçin hasaba alynmaz. Ol nejisdir, ondan iýen jezany çekmeli. Ölen malyň ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan malynyň ýagy her hili maksatlar üçin ulanylyp bilner, emma ol hiç haçan iýilmeli däldir. Haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýen kişi özüniň ýerli halkdan ýa-da gelmişekdigine garamazdan, geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr we soňra tämiz bolar. Ruhany haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etinden iýip, özüni haram etmesin. Hudaýyňyz Reb Mendirin. Siz haram hasaplanýan haýwanlaryň hijisini iýmeli dälsiňiz. Olar gabyrlaryň arasynda oturyp, gizlin ýerlerde gijäni ötürýärler; doňuz etini iýýärler, haram et gaýnadýarlar gazanlarynda. Olar öldürip ýörkäler, men ýeke galdym we ýüzin ýykylyp, dady-perýat etdim: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Gahar-gazabyňy Iýerusalimiň üstünden döküp, Ysraýylyň aman galan halkynyň hem baryny gyraýjakmy?» Petrus: «Ýok, Rebbim! Ýahudy kanunyna görä, men hiç haçan haram zat iýen däldirin» diýdi.
Выбор основного перевода