Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men sizi çörekden kesenimde, on aýal diňe bir tamdyrda çörek ýapar. Olar çöregiňizi size ölçäp bererler. Siz ondan iýersiňiz, ýöne doýmarsyňyz. Şonda Reb ýurda açlyk düşürdi, Onuň ähli azygyny weýran eýledi. Ine, Hökmürowan Taňry Reb Iýerusalimden, Ýahudadan ýardamy we azygy, nany we suwy keser. Her günki iýjek iýmitiňiň agramy ýarym gadak bolar; sen muny bellenen wagtda iýersiň. Suwy hem ölçeg bilen içersiň. Ol ýarty küýze bolar; ony bellenen wagtda içersiň. Açlygyň ölüm oklaryny ýollanymda, olar sizi weýran etsinler diýip ýollaryn. Üstüňizdäki açlygy has-da artdyraryn, bir döwüm çörege zar ederin. Ýurduň halkyna, Iýerusalim ilatyna we ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olar çöreklerini gorky bilen iýip, suwlaryny howp astynda içerler, sebäbi ol ýerde ýaşaýanlaryň eden zorlugy zerarly ýurt çolaryp galar. «Eý, ynsan ogly! Bir ýurt dönüklik edip, Maňa garşy günä edende, oňa garşy elimi uzadyp, olary bir döwüm çörege zar ederin. Üstüne açlyk iberip, ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn.
Выбор основного перевода