Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Goňşularymyza bolduk biz gülki, töweregimizdäkilere – ryswa, oýnatgy. Siz ysraýyl halkynyň üstünden gülmediňizmi? Eýsem, ol ogrular bilen bile tutuldymy? Näme ol hakda gürrüň edeniňizde, başyňyzy ýaýkaýarsyňyz? Eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni diňläň! Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere şeýle diýýändir diý: „Ine, hut Men, Meniň Özüm üstüňize gylyç getirerin, seždegähleriňizi ýok ederin. Olar mundan bu ýana milletleriň talaňyna duçar bolmazlar we ýyrtyjy haýwanlar olary iýmez. Olar howpsuz ýaşarlar, olary gorkuzan bolmaz.
Выбор основного перевода