Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan, ruhunda hile ýok adam nähili bagtly! Olar ýurtda gaýdyp açlykdan heläk bolmaz we milletleriň gyjalatyny çekmez. Şonda Men olar üçin bol däneli ekerançylyk meýdanyny ýetişdirerin. Şol gün Men jogap bererin» Muny Reb aýdandyr. «Göklere-de jogap bererin. Olar hem ýere jogap bererler. Ýer galla, täze şeraba we zeýtuna jogap bererler. Olar hem Ýizregele jogap bererler. Reb jogap berip, diýdi halkyna: «Ine, Men size iberýän: gallany, şeraby, zeýtun ýagyny. Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara. Nähili ajaýyp hem gözel bolarlar! Bol bugdaý hem täze şerapdan gyz-ýigitler gül açarlar. Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.
Выбор основного перевода