Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr. Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar. Döken ganlaryň bilen etmişli bolduň, ýasan butlaryň bilen haram bolduň; günleriňiň soňuny ýakynlaşdyrdyň, ýyllaryňyň soňuna çykdyň. Şonuň üçin hem Men seni milletleriň öňünde utanja, ähli ýurtlaryň öňünde masgaraçylyga sezewar ederin. Olar ýurtda gaýdyp açlykdan heläk bolmaz we milletleriň gyjalatyny çekmez. Şonda Men olar üçin bol däneli ekerançylyk meýdanyny ýetişdirerin.
Выбор основного перевода