Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner. Rebbiň gylyjy gana bulanandyr, guzudyr owlaklaryň ganyndan doludyr, ýag, goçlaryň böwrek ýagy bilen örtülendir; Rebbiň Bosrada gurbanlygy bar, Edomda uly gyrgyn bolar. gelmişek milletleriň iň rehimsizi ony kesip taşlap ret etdi. Şahalary daglaryň üstüne we tutuş derelere düşüp, pudaklary çapylyp, ýurduň ähli jülgelerine taşlandy. Dünýäniň ähli halklary onuň kölegesinden gitdiler, ony terk etdiler. Onsoň seni gury ýere taşlaryn, meýdana zyňaryn, gögüň ähli guşlaryny seniň üstüňe gonduraryn, tutuş dünýäniň ýyrtyjy haýwanlaryny senden doýraryn. Etiňi daglaryň üstüne serip, dereleri çüýrän läşiňden dolduraryn.
Выбор основного перевода