Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýa Reb, Iýerusalimiň ýykylan güni: «Ony ýumruň, ony ýumruň düýbüne çenli!» diýen edomlary Sen ýadyňa sal! «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Soňy geldi! Ýurduň dört künjeginiň soňy geldi! Eý, Ysraýylyň dereksiz, pis hökümdary, soňky günüň ýakynlaşdy, soňky jeza günüň ýetip geldi!» Eý, ammon halky, sen hakda görülýän görnüşler biderek, atylýan pallar ýalandyr. Eý, gylyç, ol zalym pisleriň boýnuny çapyp taşla, çünki olaryň soňky güni geldi, ahyrky jezasynyň wagty ýetdi. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Edom öç almak bilen ýahuda halkynyň garşysyna hereket etdi, olardan öç alyp, agyr günä batdy. Reb şeýle diýýär: «Men edomlylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki doganlaryny gylyçly kowalap, rehim-şepagat etmediler, çäksiz gaharyny dökdüler, gazap atyna baky atlandylar. Doganyň Ýakubyň nesline zalymlyk edeniň üçin, bütin betnam bolarsyň we ebedi ýok edilersiň.
Выбор основного перевода