Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb beýikdir, Hudaýymyzyň şäherinde, Onuň mukaddes dagynda Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr. Hudaý onuň galasynda Özüni berkitme hökmünde tanadýar. Olar: «Geliň, Hudaýyň örülerini özümize mülk edineli» diýdiler. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Duşman siz hakda: ‘Heýjanelek! Indi gadymy belentlikler-de biziň mülkümiz boldy!’ diýýär“». «Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“». Olary ýurtda, Ysraýyl daglarynyň üstünde bir millet ederin, olaryň baryny bir patyşa dolandyrar; olar gaýdyp iki millet bolmazlar, iki patyşalyga bölünmezler. Şäheriň tutuş töweregi on sekiz müň tirsek bolar. Şol günden başlap, şäheriň ady «Reb ol ýerdedir» bolar.
Выбор основного перевода