Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sizi onuň içinden çykaryp, gelmişekleriň eline bererin, garşyňyza hökümler çykararyn. Pitneçi halka bir tymsal aýdyp, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gazan atar, gazan atar-da, içine suw guý. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Kesmek tutan, kesmeginden arassalanmadyk bu gazanyň halyna waý! Saýlamazdan eti gazandan bölek-bölek edip çykaryp zyňyň. Odunlary üýşür, ody tutaşdyr, eti gowuja bişir, çorbany gaýnat, goý, omaçalar-da ýanyp köýsün! Onsoň boş gazany onuň közleriniň üstünde goý. Şeýdip, ol gyzar, misi ýanar, pisligi içinde eräp, kesmegi aýrylar. Halkymyň hamyny soýup, etini iýýärsiňiz, süýeklerini döwüm-döwüm edip, gazana, taba atyljak et kimin dograýarsyňyz».
Выбор основного перевода