Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýarobgam Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Öz guly gatheperli Emitaýyň ogly Ýunus pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ysraýyl çägini Lebohamatdan Araba deňzine çenli bolan aralykda täzeden dikeltdi. Janpenalaryň baştutany baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny Babyla ýesir edip äkitdi. Ol şäherde galan esgerleriň baştutany edip bellenen bir harby serkerdäni, patyşanyň şäherden tapylan bäş sany maslahatçysyny, ýurduň ilatyny goşuna ýazýan serkerde mürzäni we ýurduň ilatynyň şäherden tapylan altmyş baştutanyny hemmeler bilen alyp gitdi. Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon olary tutup, Hamat ýurdunyň Ribla galasyna, Babyl patyşasynyň ýanyna getirdi. Babyl patyşasy Hamat ýurdunyň Ribla galasynda olaryň baryny öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidildi. Babyl patyşasy Riblada Sidkiýanyň ogullaryny öz gözüniň alnynda öldürtdi. Şeýle-de, ol Ýahudanyň ähli ýolbaşçylaryny öldürtdi. Adamlaryňyz ähli ýerde öldüriler, şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
Выбор основного перевода