Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz. Olar Hudaýyň parzlaryny saklary ýaly, Onuň kanunlaryny berjaý ederi ýaly, başga milletleriň ýurduny olara berdi. Olar şol halklaryň ekinleriniň hasylyny ordular. Rebbe şan-şöhrat bolsun! Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. Şeýdip, ysraýyl halky indi Menden aýrylmaz, günäleri bilen özlerini haram etmezler. Olar Meniň halkym, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär. Ata-babalaryňyza beren ýurdumda mesgen tutarsyňyz. Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn.
Выбор основного перевода