Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bedewe güýç-kuwwat berýän senmi? Onuň boýnuna ýaly bitirýän senmi? Senmi ony çekirtge kimin bökdürýän? Kişňände, aýylgançdyr onuň sesi. Gazaply ýer peşäp, güýjüne buýsanýandyr, duşmanyň üstüne okdurylýar. Gorka gülüp, hiç zatdan heder etmeýär, gylyçdan hem gaçmaýar. Sagdak, ýalpyldawuk naýza we hanjar oňa degip, zarňyldap, yzyna atylýar. Buýsançdan möwç alyp, esli aralyga çapýar, ümsüm durmaz ol surnaý sesine. Surnaý sesi ýaňlananda, ol kişňeýär, söweş ysyny, serkerdeleriň goh-galmagalyny, söweş gykylyklaryny uzakdan duýýar. Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar. Ýurdy heläk etmezligim üçin diwary täzeden bejerip, onuň gädiginde ýurt üçin öňümde durup biljek bir adam agtardym, ýöne tapyp bilmedim. Çünki Ysraýyl boýun egmezek göle ýaly hötjet boldy. Indi Reb olary otluk ýerde, giň örüde tokly bakan ýaly bakyp bilermi? Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär. Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.
Выбор основного перевода