Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk. Şuny Ýahudada yglan et, Iýerusalimde jar et: «Ýurtda surnaý çalyň! Batly gygyryp diýiň: „Geliň, üýşüp, berk galalara gireliň!“. Gaýtam, kesirlik bilen niýetlerini ýamana düwüp, ata-babalarynyň öwredişi ýaly, Bagal butunyň yzyna eýerdiler». Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men bu halka ajy ýowşan iýdirerin, zäherli suw içirerin. Emma Babyl patyşasy Nebukadnesar bu ýurda hüjüm edende, biz: „Geliň, babyllylaryň we siriýalylaryň goşunyndan gaçyp, Iýerusalime gideliň“ diýdik. Şonuň üçin hem biz Iýerusalimde ýaşap ýörüs». Ol meni hasratdan doýrup, ýowşanyň ajy suwuny içirdi. Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam, ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr! Şonda Oňa içirjek bolup, öt garylan şerap berdiler, emma Isa dadanyndan soň, ony içmekden ýüz öwürdi. Ol ýyldyzyň ady Ýowşandyr. Suwlaryň üçden biri ajady. Ajy suwdan içen adamlaryň ençemesi öldi.
Выбор основного перевода