Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ony agdaryp, daşlardan arassalady, saýlama üzümler ekdi. Ortasynda gözegçilik diňini dikdi, üzüm sykmak üçin çukur gazdy. Üzüm hasylyna garaşdy, emma ol ýabany üzüm berdi. Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin». Eretmek üçin ody üfläp, kümşi, bürünji, demri, gurşuny we galaýyny körüge salyşlary ýaly, Men-de sizi gahar-gazabym bilen şähere salyp erederin. Sizi ýygnap, gazap odumy üstüňize üflärin we siz şäheriň içinde erärsiňiz. Ol weýran etdi üzüm şahalarymy, çapym-çapym etdi injir agaçlarymy, şahalarynyň gabygyny sypyryp, ýere taşlady; üzüm şahalary-da agaryp galdy. «Ýer ýüzünden bar zady bütinleý syryp-süpürjek. Ynsanu-haýwany, gökdäki guşlary, deňizdäki balyklary süpürip taşlajak. Pisleri büdretjek, ynsany ýer ýüzünden ýok etjek». Muny Reb aýdýandyr. Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady. Onsoň Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi: «Bir adamyň bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne hiç zat tapmaýar.
Выбор основного перевода