Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, şu Kanun kitabynda ýazylan Onuň tabşyryklarydyr parzlaryny berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Rebbe tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen dolansaňyz, Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, ogul-gyzyňyz köp bolar, mal-garalaryňyzyň sany artyp, ýeriňiziň hasyly bol bolar. Çünki Reb ata-babalaryňyza ýagşylyk edeninde lezzet alşy ýaly, size ýagşylyk edeninde hem lezzet alar. Nazarym ýagşylyk üçin olarda bolar, olary ýene bu ýurda getirerin. Olary bina ederin, ýykmaryn; olary ekerin, sogrup taşlamaryn. Ine, şeýle günler geler – Hökmürowan Reb diýýär, ýer sürýän orak orýanyň yzyndan ýeter, üzüm sykýan ekiş döwrüne çenli işini gutarmaz, şirin şerap daglardan damar, bütin depelerden-de joşup akar. Halkym Ysraýyla öňki abadançylygyny gaýtararyn, ýumrulan şäherleri dikeldip, olarda mesgen tutarlar, üzüm baglaryny oturdyp, olaryň şerabyny içerler, bag-bakjalar ekip, olaryň miwesini iýerler. Men olary öz topragynda oturdaryn, Meniň özlerine beren topragymdan indi olar hiç haçan çykarylmaz. Muny Hudaýyňyz Reb aýdýandyr. Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».
Выбор основного перевода