Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin. Miwesidir näz-nygmatyndan iýsin diýip, getirdim Men sizi bereketli ýere. Emma gireniňizde ol ýere, haram etdiňiz siz ülkämi, nejis zada öwürdiňiz mülkümi. Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk. Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim, ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň; ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy, sözüme hiç gulak asmaýardyň. Başga hudaýlara gulluk we sežde etjek bolup, olaryň yzyna düşmäň. Elleriňiziň işi bilen Meniň gaharymy getirmäň, Men-de size zyýan ýetirmäýin“. Ýöne siz Meni diňlemediňiz. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz elleriňiziň işleri bilen gaharymy getirip, özüňize zeper ýetirdiňiz.
Выбор основного перевода