Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa ýene-de: «Eliňi donuňyň içine sok» diýdi. Ol hem elini donunyň içine sokdy. Ol elini daşyna çykaranda, onuň eli ak gar ýaly pis açdy. Soňra Hudaý oňa: «Eliňi yzyna donuňyň içine sal» diýdi. Musa elini ýene-de donunyň içine salyp, täzeden çykaranda, bedenindäki beýleki agzalar ýaly bolup, onuň eli öňki kaddyna geldi. Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün. Faraonyň garşysyna, onuň ähli hyzmatkärleriniň we onuň ýurdunyň ähli ilatynyň garşysyna alamatlar, gudratlar görkezdiň. Çünki Sen olaryň biziň atalarymyza garşy tekepbirlik bilen hereket edendiklerini bilýärdiň. Sen Özüňe şu günlere çenli öçmejek şöhratly at gazandyň. Eý, Müsür, Ol seniň içiňe – faraonyň, ähli hyzmatkärleriniň üstüne alamatlary, mugjyzalary ýollady. Eý, Taňry Hudaýymyz, Sen Öz halkyňy gudratly goluň bilen Müsürden çykardyň. Bu günki ýaly Öz adyňy-da şöhratlandyrdyň! Biz bolsa günä gazandyk, erbetlik etdik.
Выбор основного перевода