Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyl halky Ýarobgamyň eden günälerini gaýtalady. Rebbiň Öz gullary pygamberler arkaly aýdyşy ýaly, ysraýyl halkyny huzuryndan ýok edýänçä, olar günä etmekden el çekmediler. Şeýdip, olar öz ýurtlaryndan Aşura sürgün edildiler we olar tä şu güne çenli hem şol ýerdedirler. Kureşe: „Meniň çopanymdyr, bar maksatlarymy ol amala aşyrar“, Iýerusalime: „Täzeden gurlar“, ybadathana: „Düýbüň tutular“» diýýän Reb Mendirin. Reb seçip-saýlanyna, sag elinden tutanyna, Kureşe şeýle diýýär: «Öňüňde milletleri baş egdirerin, patyşalary güýjünden mahrum ederin, gapylary açaryn öňüňde, derwezeler ýapylmaz. Ine, Men demirgazykdaky ähli milletleri çagyrýaryn, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olaryň patyşalarynyň ählisi gelip, özleriniň tagtyny Iýerusalim derwezeleriniň girelgesinde, onuň daş-töweregindäki diwarlarynyň we Ýahudanyň ähli şäherleriniň garşysynda gurarlar. Eý, ynsan ogly! Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşunyna Sura garşy agyr zähmet çekdirdi: her bir esgeriň saçy döküldi, her bir egniň hamy soýuldy; emma çeken zähmetine görä, ne onuň özüne, ne-de goşunyna Surdan muzd tölendi. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Müsür ýurduny Babyl patyşasy Nebukadnesara bererin; ol onuň baýlygyny äkider, oljasyny alar we ony talar; bu onuň goşuny üçin muzd bolar. Men onuň garşysyna çeken zähmeti üçin Müsür ýurduny oňa berdim, sebäbi olar Meniň üçin işlediler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Выбор основного перевода