Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Munuň üçin, eý, azap çeken, çakyrsyz serhoş bolan halk, muny eşit! Babyl Rebbiň elinde bütin dünýäni serhoş edýän altyn pyýala kimindi. Milletler onuň şerabyndan içdiler, munuň üçin akylyndan azaşdylar. Ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlamak üçin günortadan demirgazyga çenli ähli ynsana garşy gylyjymy gynyndan çykararyn. Şonda tutuş adamzat gylyjyny gynyndan çykaran Rebbiň Mendigimi biler; indi gylyjy gynyna salmaryn“». Şan-şöhratyňyz utanja öwrüler, indi siz hem içip, serhoş ýörersiňiz. Reb size sag elindäki jeza käsesinden içirer, şonda siz abraýdan düşüp, ile ryswa bolarsyňyz.
Выбор основного перевода