Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýoşyýa patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi. Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi. Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi seždegählerden we Aşera butlaryndan, oýma we guýma butlaryndan arassalamaga başlady. Patyşalygynyň on sekizinji ýylynda ýurdy we öýi arassalanlaryndan soň, Ýoşyýa patyşa Asalýanyň ogly Şapany, şäher häkimi Magaseýany we Ýowahazyň ogly baş emeldar Ýowany özleriniň Hudaýy Rebbiň öýüni bejermäge iberdi. Amon ogly Ýoşyýanyň Ýahudada patyşalygynyň on üçünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy. Bu nejis zatlaryň ählisini etdiňiz; muny Reb aýdýandyr. Men size öwran-öwran aýdanymda gulak asmadyňyz, sizi çagyranymda jogap bermediňiz. Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim, ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň; ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy, sözüme hiç gulak asmaýardyň. «Özüňe düýrlenen kagyz al-da, Ýoşyýanyň döwründe seniň bilen gepleşen günümden tä şu güne çenli Ysraýyl, Ýahuda we ähli milletler hakynda saňa aýdanlarymyň baryny ýaz.
Выбор основного перевода