Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar. olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi: gündogardan hem günbatardan demirgazykdan hem günortadan. Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar. Ol milletler üçin baýdak galdyrar, Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar, ýer ýüzüniň dört künjeginden, Ýahudanyň darganlaryny ýygnar. Efraýymyň gabanjaňlygy aýrylar, Ýahudanyň duşmanlary ýok ediler, Efraýym Ýahuda göripçilik etmez, Ýahuda Efraýyma duşmançylyk etmez. Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler, bilelikde gündogaryň halkyny talarlar, Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar, ammonlar tabyn bolarlar olara. Müsür deňziniň aýlagyny bütinleý guradar Reb, güýçli ýeli bilen elini Ýewfrat derýasyna galgadar, ýedi çeşmä böler ony, çarykly geçerler adamlar ondan. Ysraýyllaryň Müsürden çykan güni Ysraýyla edişi ýaly, Rebbiň Aşurda aman galan halky üçin uly ýol açylar. Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Goýunlarymy Özüm gözlärinem, idegem ederin. Dargan goýunlarynyň arasynda galan çopan sürüsine nähili ideg, gözleg edýän bolsa, Men-de goýunlaryma şonuň ýaly ideg ederin. Gara bulutly, tüm garaňkylyk güni Men olary ähli dargadylan ýerlerinden halas ederin. Olary halklaryň arasyndan çykararyn, ýurtlardan ýygnaryn; öz ýerlerine getirip, Ysraýylyň daglarynda, jülgelerinde we ýurduň ähli oturymly ýerlerinde bakaryn. Olary ýaşyl ýaýlada bakaryn; Ysraýylyň belent daglary olaryň örüsi bolar; ol ýerde ýaşyl ýaýlada ýatyp, Ysraýylyň daglarynda bol örüde otlarlar. Goýunlarymy Özüm bakyp, Özüm ýatyraryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Ýiteni agtararyn, azaşany yzyna getirerin, ýaralynyň ýarasyny daňaryn we ejizi kuwwatlandyryp, semizi, güýçlini heläk ederin; olary adalatlylyk bilen bakaryn». Atalarymyza söz berşi ýaly, Ybraýym bilen onuň nesline rehimdarlyk etmegi hiç unutman, guly Ysraýyla ýardam etdi».
Выбор основного перевода