Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar. Çünki azaşdylar çopanlar akylyndan, Rebbi agtarmadylar. Şonuň üçin bolmady ugruna işleri, dargady ähli sürüleri. Möňňüriň, eý, çopanlar! Dady- -perýat ediň! Eý, süriniň baştutanlary, küle togalanyň! Çünki geldi öldüriljek, dargadyljak günüňiz, ýykylyp parçalanarsyňyz gymmatly gap kimin. Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar. «Eý, ynsan ogly! Pygamberlik edýän Ysraýyl pygamberlerine garşy pygamberlik et. Öz-özlerinden pygamberlik edýän ol pygamberlere Rebbiň sözüni diňlemegi tabşyr. Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Akmak pygamberleriň dat gününe! Olar hiç bir zat görmän, öz hyýallarynyň yzyna eýerýärler. Eý, Ysraýyl, seniň pygamberleriň harabalykda gezýän şagallar kimindir. Rebbiň gününde ysraýyl halkynyň söweşde berk durmagy üçin, diwaryň opurylan ýerlerini täzeden bejermediňiz. Olar ‘Rebbiň sözi’ diýip, boş görnüşlere we ýalan pallara uýdular. Olary Reb ýollamady, emma şonda-da sözleriniň amala aşmagyna umyt baglaýarlar. Men aýtmadyk hem bolsam, ‘Rebbiň sözi’ diýeniňizde, boş görnüşler görüp, ýalandan pal atmadyňyzmy?“. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz ýalan sözlediňiz, boş görnüşler gördüňiz, munuň üçin Men size garşydyryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Boş görnüşler görýän, ýalandan pal atýan pygamberleriň garşysyna el galdyraryn. Olar Meniň halkymyň maslahatyna gatnaşmazlar, ysraýyl halkynyň sanawyna ýazylmazlar we Ysraýyl ýurduna girmezler. Onsoň siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz. Bu pygamberler parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ diýip, Meniň halkymy azdyrýarlar; biri diwar salanda, olar muňa hek çalýarlar. Hek çalýanlara diwar ýykylar diý; güýçli ýagyş bilen daşly dolular ýagar; diwary tupanly ýel ýumrar. Diwar ýykylanda, sizden çalan hekiňiziň nirededigini soramazlarmy?!“. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men gazaplanyp, tupanly ýel bilen diwary ýumraryn, gaharym bilen güýçli ýagyş we daşly doly ýagdyryp, diwary ýer bilen ýegsan ederin. Hek çalan diwaryňyzy ýykaryn, ony ýer bilen ýegsan ederin, onuň düýbi görner. Diwar ýykylyp, siz içinde heläk bolarsyňyz. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“. Men diwara we oňa hek çalanlara gazabymy döküp, size şeýle diýerin: „Diwar-da, oňa hek çalanlar-da ýok boldular. Iýerusalimde parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ barada aýanlyk alan Ysraýyl pygamberleri-de ýok boldy“. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Men diwara we oňa hek çalanlara gazabymy döküp, size şeýle diýerin: „Diwar-da, oňa hek çalanlar-da ýok boldular. Iýerusalimde parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ barada aýanlyk alan Ysraýyl pygamberleri-de ýok boldy“. Muny Hökmürowan Reb diýýär. «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl çopanlarynyň garşysyna pygamberlik et. Pygamberlik edip, olara, ýagny çopanlara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Özlerini bakyp ýören Ysraýyl çopanlarynyň halyna waý! Çopanlar sürini bakmaly dälmidir? Siz ýag iýip, ýüňden eşik geýýärsiňiz; semiz goýunlar soýýarsyňyz, emma sürini bakmaýarsyňyz. Siz Meniň goýunlarym, örimiň goýunlarysyňyz. Siz ynsansyňyz, Men bolsam siziň Hudaýyňyzdyryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär. Sürini satyn alanlar goýunlary soýýarlar, ýöne jezalaryny çekmeýärler. Goýunlary satýan adam olara: „Rebbe alkyş bolsun, sebäbi men baýadym“ diýýär. Çopanlaryň öz goýunlaryna haýpy gelmeýär. Sürini taşlaýan, derde ýaramaýan çopanyň dat gününe! Gylyç onuň elini çapsyn, sag gözüni oýsun. Eli bütinleý gurasyn, sag gözi sokur bolsun». Hakyna tutulan adam goýunlaryň hakyky çopany ýa-da eýesi däldir. Şonuň üçin ol möjegiň gelýänini görse, goýunlary taşlap gaçýandyr. Möjek süriniň üstüne çozup, olary dargadýandyr. Ol adam gaçyp gider, sebäbi ol hakyna tutulandyr. Ol goýunlar hakda hiç hili alada etmez.
Выбор основного перевода