Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik! Hudaýyň gözleri ynsanlaryň ýoluna dikilgidir, Ol ynsanlaryň her ädimini görýär. Seniň Ruhuňdan nirä gideýin?! Seniň huzuryňdan nirä gaçaýyn?! Göklere galsam, ol ýerde Sen bar! Ölüler dünýäsine insem, ol ýerde Sen bar! Säheriň ganatlaryna münüp, deňziň iň uzak ýerinde çadyr gurunsam, hatda ol ýerde-de eliň ýol görkezer maňa. Seniň goluň meni söýgetlär. Diýsem: «Goý, tümlük meni büresin, meni gurşan ýagtylyk gijä öwrülsin». Seniň üçin tümlük garaňky däldir! Gije hem gündiz ýaly ýagtydyr, Seniň bilen tümlük-de ýagtylyk deýdir. Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler. Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?! Gazyp ölüler dünýäsine girseler-de, elimi uzadyp, olary ondan çykararyn. Olar göge çyksalar-da, ol ýerden aşak düşürerin. Karmel dagynyň depesinde gizlenseler-de, ol ýerden Men olary yzarlap taparyn. Huzurymdan deňziň düýbünde gizlenseler-de, deňiz ýylanyna buýruk bererin, ýylan-da olary çakar.
Выбор основного перевода