Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz. Pygamberler şemal ýalydyr, Rebbiň sözi olara aýan däldir. Bu külpetler olaň öz başyndan insin!“». Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün. Babyla gelmişekleri ýollaryn, ony sowrup, ýurduny boş goýarlar. Betbagtlyk güni ony her tarapdan gurşarlar. Ähli şäherleriňizde açlykdan dişiňiziň kirini sordurdym, tutuş ýurduňyzy nana zar etdim, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. Agyz suwy üçin şäherden-şähere entediňiz, emma suwdan ganyp içmediňiz, şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi epgekdir heň bilen büräp örtdüm, baglaryňyzy we üzümlikleriňizi weýran etdim, injirdir zeýtun agaçlaryňyzy çekirtgeler ýuwutdy, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. Müsürdäki ýaly araňyza mergi iberdim, ýaş ýigitleriňizi gylyçdan geçirdim, atlaryňyzy duşmanlaryňyza berdim. Burnuňyzy düşelgäňiziň porsy ysyndan doldurdym, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. Men Sodom bilen Gomorany ýumruşym ýaly, araňyzdaky köp şäherleri-de ýykyp ýumurdym. Siz otdan çykarylan kesindi mysaly bolduňyz, emma şonda-da Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».
Выбор основного перевода