Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbiň kanuny kämildir, ol jany täzeleýär. Rebbiň düzgüni ygtybarlydyr, ol akmagy akyldar edýär. Seniň agzyňyň sözlän kanuny maňa müňlerçe altyn-kümüşden gowy. Seniň düzgünleriň – baky mirasym, çünki olar meniň ýürek şatlygym. Uly hazyna edinen kimin, Seniň wadaňa begenýärin men. Neçün Sen çaşan adam ýaly, halas etmäge güýji ýetmeýän batyr söweşiji ýaly bolýaň? Emma Sen biziň aramyzdasyň, biz Seniň adyň bilen çagyryldyk, bizi terk etme, ýa Reb! Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Özüňe berleni iý, şu kagyzy iýeniňden soň bolsa git-de, ysraýyl halky bilen gepleş» diýdi. Onsoň men agzymy açdym we Ol bu kagyzy maňa iýmäge berdi. Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Garnyňy doýur, bu kagyzdan içiňi doldur; muny saňa berýärin» diýdi. Onsoň men ony iýdim, ol agzymda bal ýaly süýjüdi. Men perişdäniň ýanyna baryp, kitapçany maňa bermegini haýyş etdim. Ol hem maňa: «Al, iý! Ol içiňi ajadar, ýöne agzyňda bal ýaly süýji bolar» diýdi. Men kitapçany perişdäniň elinden alyp iýdim. Ol agzymda bal ýaly süýjüdi, emma ony iýenimden soň, içim ajady.
Выбор основного перевода