Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin. Babyl patyşasy Nebukadnesar janpenalaryň baştutany Nebuzaradona Ýermeýa barada şeýle buýruk berdi: «Ony al-da, oňa gowuja göz-gulak bol, hiç bir zeper ýetirme, näme sorasa, şony et». Indi men seni elleriňi zynjyrdan boşadaýyn. Eger meniň bilen Babyla gitmek isleseň, ýör, gideli, men saňa göz-gulak bolaryn. Emma meniň bilen Babyla gitmek islemeseň, onda gal. Ine, öňüňde tutuş ýurt ýatyr! Nirä gitmek gözüňe hoş ýaksa we dogry bolsa, şoňa git». Ýermeýa entek jogap gaýtarmanka, ol ýene sözüni dowam etdi: «Babyl patyşasy tarapyndan Ýahuda şäherlerine häkim goýlan Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna git-de, onuň bilen bile halkyň arasynda ýaşaber ýa-da nirä gitmegi dogry hasaplasaň, şoňa-da git». Şeýlelikde, janpenalaryň baştutany oňa azyk-owkat we peşgeşler berip, ony ýola saldy.
Выбор основного перевода