Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýermeýa Rebbiň ähli halka aýt diýip, özüne buýran zatlarynyň baryny aýdyp bolanynda, ruhanylar, pygamberler we ähli halk ony tutup: «Sen hökman ölersiň! Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär». Sidkiýa patyşa: «Ine, ol siziň eliňizde, patyşa size garşy hiç bir zat edip bilmez» diýdi. Onsoň Ýermeýany tutup, patyşanyň ogly Malkyýanyň gurruk guýusyna taşladylar, ol guýy garawullaryň howlusynda ýerleşýärdi. Ony tanap bilen aşak salladylar. Guýuda suw ýokdy, diňe läbik bardy. Ýermeýa läbige batdy. Men arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim? Men-Reb arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?
Выбор основного перевода