Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýa Reb, eý, Ysraýyl Hudaýy, Sen adylsyň! Bu gün biziň, aman galan halkyň günäsi zerarly Seniň öňüňde durup biljegimiz ýokdur, emma şonda-da biz Seniň huzuryňda durus». Garakçylaryň çadyrlary asuda, Hudaýy gazaplandyrýanlar howpsuz, olar diňe öz güýjüne sygynýandyr. Emma men Gudratygüýçli bilen gepleşip, dawamy Hudaý bilen etmek isleýän. Näme üçin pisler ýaşaýarlar, gojalyga ýetip, gujur-gaýratlary artýar? Perzentleri ýanlarynda, zürýatlary gözleriniň alnynda. Öýlerinde howpsuzlykda, gorkusyz ýaşaýarlar, Hudaý-da olara jeza bermeýär. Öküzleri kemsiz örňeýär, sygyrlary guzlýar, göle düşmeýär. Çagalaryny süri kimin ýola salýarlar, oglanlary tans edişýärler. Deprek, lira bilen aýdym aýdyşyp, şatlanýarlar olar tüýdük sesine. Ömürlerini hoşwagtlykda geçirip, ölüler dünýäsine asudalykda girýärler. Pisler Hudaýa şeýle diýýärler: „Bizi öz günümize goý! Çünki biz Seniň ýoluňy öwrenmek islemeýäris. Gudratygüýçli kim bolupdyr Oňa sežde ederimiz ýaly? Oňa dileg edip, görýän haýrymyz näme?“ Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm. Çünki olar jebir çekmeýäne meňzeýär, olaryň sagdyn, semiz bedenleri bar. Olar beýlekiler ýaly azap çekmeýär, beýlekiler ýaly kynçylyga duçar bolmaýar. Şoňa görä tekepbirlikleri boýunlaryny monjuk kimin bezeýär, zulum olary eginbaş kimin büreýär. Ýagdan ýaňa gabarýar olaryň gözi, göwün hyýallaryndan dolup- -daşýar ýüregi. Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar. Olaryň agyzlary göklere hüjüm eýleýär, dilleri bolsa ýerde boş zatlary ýaňraýar. Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar. Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?» Ine, tekepbirler şeýle gürleýär; olar elmydama gaýgysyz-gamsyz, öz baýlygyny artdyrýandyrlar. Emma erbetler ot deý gögerseler-de, betkärler gülleseler-de, olar baky weýrançylyga höküm edilen. Guşlardan doly kapasa ýaly, olaryň öýleri-de hileden doly. Şeýdip, olar beýgeldiler, baýadylar, semrediler, ýognadylar. Hetden aşdy olaryň betpälligi, çözmediler adalatly ýetimiň dawasyny, goramadylar garybyň hiç bir hukugyny. Emma, eý, adalatly höküm edýän, ýürekleri we pikirleri synaýan Hökmürowan Reb! Dawamy Saňa aýan edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin! Men bu şäheriň ähli baýlygyny, mal-mülküni, gymmatbaha zatlary bilen Ýahuda patyşalarynyň ähli genji-hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin. Olara talaň salyp, ähli zatlaryny Babyla äkiderler. Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz. Pisligi görerden päkdir gözleriň, ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen. Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň, erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen nämä dymýaň? Indi tekepbirlere bagtly diýýäris. Erbetlik edýänleriň diňe bir işi rowaç alman, eýsem olar Hudaýy synap, jezadan gutulýarlar».
Выбор основного перевода