Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň we Onuň adyndan ant içiň. Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň. «Men – Reb seni dogrulyk bilen çagyrdym, eliňden tutup, goraryn seni, halka äht hökmünde bererin seni, Seni milletlere nur ederin. «Eý, Ysraýyl! Eger dolanmak isleseň, Maňa tarap dolan. Eger azaşmasaň, ýigrenji butlaryňy huzurymdan aýyrsaň, hakykatda, adyllykda we dogrulykda „Diri Rebden ant içýärin!“ diýseň, onda milletler Rebden pata alarlar, Onuň bilen magtanarlar». Muny Reb aýdýandyr. «Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn? Çagalaryň Meni terk etdiler, olar hudaýlaryndan ant içdiler, ýogsam olar Hudaýam däl. Olary doýranymda zyna etdiler, toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler. Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz. Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir. Bütin ymarat Isa Mesih arkaly birleşýär we ösüp, Rebbe bagyşlanan mukaddes ybadathana bolýar.
Выбор основного перевода