Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýakubyň haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Ol siziň topragyňyza güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz. Olar muny ýürekden diýmeýärler: «Geliň, güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz möwsüminde ýagdyrýan, biz üçin orak-ýygym hepdelerini saklaýan Hudaýymyz Rebden gorkalyň». Eý, Sion perzentleri, begeniň, Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň! Çünki adalat üçin, Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy; Ol size bolelin ýagşy eçildi. Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy, güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny. Ýaz möwsüminde Rebden ýagyş diläň. Gara bulutlar getirýän Reb olara güýçli çabgalar ýagdyrýar, her kesiň meýdanynda otlar bitirýär. Ol gije ýatýar, irden turýar, emma tohumyň nädip gögerişini, ösüşini bilmeýär.
Ýakubyň haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода