Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýakubyň haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär. Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama. Isle ol öz ysraýyl doganyňyz bolsun, isle ýurduňdaky galalarda ýaşaýan gelmişek, garaz, garyp we mätäç günlükçiniň işlän hakyny tutup galmaň. Her gün siz olaryň hakyny Gün ýaşmanka tölemelisiňiz. Sebäbi olar garyp we olaryň gün-güzerany şoňa baglydyr. Ýogsam olar siziň garşyňyza Rebbe nalyş bilen ýüz tutarlar we siz günä gazanarsyňyz. Olar daşarda ýalaňaç enteýärler, aç garna bugdaý desselerini daşaýarlar. Daşlaryň arasynda ýag üçin zeýtuny ýençýärler, şerap üçin üzüm sykýarlar, emma özleri teşnedir. Şäherlerden ölüp barýanlaryň iňňildisi eşidilýär, jany hasratlylar perýat edýärler, emma şonda-da Hudaý olaryň dileglerine üns bermeýär.
Ýakubyň haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода