Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýakubyň haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn». Ylýasa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Bu ýerden gündogara git-de, Iordanyň gündogaryndaky Kerit çeşmesiniň boýunda gizlen. Sen çeşme suwundan içersiň. Ol ýerde gargalara seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn». Ylýas Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. Ol gidip, Iordan derýasynyň gündogaryndaky Kerit çeşmesiniň boýunda mesgen tutdy. Gargalar Ylýasa ertirine-de, agşamyna-da çörek bilen et getirip berýärdiler, ol çeşmäniň suwundan içýärdi. Wagtyň geçmegi bilen çeşme gurady, çünki ýurda ýagyş ýaganokdy. Ylýasa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Tur, Sidonyň Sarepat galasyna bar-da, şol ýerde mesgen tut, çünki ol ýerde Men bir dul hatyna seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn». Şeýdip, Ylýas Sarepata gitdi. Ol galanyň derwezesine geldi, görse, ol ýerde bir dul aýal çöpleme çöpläp ýördi. Ol aýaly çagyryp, oňa: «Maňa içmäge bir käse suw getiräý» diýdi. Ol aýal suw getirmäge barýarka, Ylýas ony yzyna çagyryp: «Bir döwüm çörek hem alyp gelsene» diýdi. Ol aýal, Ylýasa şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Rebden ant içýärin, mende çörek ýok. Mende diňe haltaň düýbündäki bir goşawuç un bilen golçada biraz ýag bar. Ine, men häzir öýe gidip, şol barja un bilen özüm hem oglum üçin külçe bişirmek üçin çöpleme çöpläp ýörün. Biz ony iýeris, onsoň öleris». Ylýas oňa şeýle diýdi: «Sen alada etme. Bar öýüňe git-de, çöregiňi bişir. Şol barja unuňdan sen öňürti maňa bir kiçijik çörek bişirip getir. Ondan soň unuň galanyndan özüň we ogluň üçin çörek bişirersiň. Çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Rebbiň ýagyş ýagdyrjak gününe çenli haltadaky un tükenmez, golçadaky ýag egsilmez“». Bu aýal gidip, Ylýasyň aýdyşy ýaly etdi. Ylýas bilen ýaňky aýal we onuň öý-içerisi bir goşawuç uny uzak wagtlap iýdiler. Şeýdip, Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözi berjaý bolup, haltadaky un tükenmedi, golçadaky ýag egsilmedi. Birnäçe wagt geçenden soň, ýaňky hojaýyn aýalyň ogly syrkawlady. Oglanyň haly ýaramazlaşyp, ol aradan çykdy. Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýdi. Ylýas hem oňa: «Ogluňy maňa ber» diýdi. Ylýas oglany aýalyň gujagyndan alyp, ony öz bolýan ýokarky gatdaky otagyna getirip, öz düşeginde ýatyrdy. Soňra ol Rebbe ýalbaryp, dileg etdi: «Eý, Hudaýym Reb, Sen näme üçin bu dul hatynyň başyna bela getirdiň? Ol maňa öz öýünden ýer berdi, Sen bolsa onuň ogluny öldürýärsiň!» Onsoň ol üç gezek çaganyň üstünde ýazylyp ýatdy-da, Rebbe ýalbaryp dileg etdi: «Eý, Hudaýym Reb, Saňa ýalbarýaryn, bu çagany direlt». Reb Ylýasyň dilegini eşitdi we çaga direldi. Ylýas çagany ýokarky otagdan getirip, ejesine berdi. Ylýas oglanyň ejesine: «Seret, seniň ogluň direldi» diýdi. Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýdi. Size hakykaty aýdýaryn: Ylýasyň döwründe üç ýyl alty aýlap asmandan ýekeje damja-da ýagyş damman, ähli ýurda elhenç açlyk düşende, Ysraýylda köp dul aýallar bardy. «Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň. Pygamberlik eden günleri ýagyş ýagmaz ýaly, olaryň gögi baglamaga ygtyýary bardyr. Olaryň suwy gana öwürmäge, ýer ýüzüni islän wagtlary dürli bela-külpetlere ýolukdyrmaga ygtyýarlary bardyr.
Ýakubyň haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода