Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Onsoň Hudaý: «Indi Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi. Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, hawa, Hudaý ony Öz keşbinde ýaratdy, olary erkek we aýal edip ýaratdy. Adamyň nesilleri baradaky taryhy ýazgylar şeýledir. Hudaý ynsany ýaradanda, ony Öz keşbinde ýaratdy. Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr. Erkek başyny örtmeli däldir. Çünki ol Hudaýyň keşbidir, Onuň şöhratydyr. Aýal bolsa erkegiň şöhratydyr.
Выбор основного перевода