Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Ýedi günläp siz petir iýmelisiňiz. Şu ýedi günüň ilkinji gününde, siz öýleriňizden hamyrmaýalary çykaryp taşlaň. Kimde-kim birinji günden tä ýedinji güne çenli aralykda hamyrmaýa goşulan zatdan iýse, onda ol ysraýyllaryň arasyndan kowlup çykarylsyn. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz we ýedinji güni siz Rebbiň şanyna toý edersiňiz. Iýerusalimde bolan ysraýyl halky uly şatlyk bilen ýedi günläp Petir baýramyny belledi. Lewiler hem ruhanylar belent sesli saz gurallary bilen her gün Rebbe öwgi aýtdylar. Onsoň Ýahuda patyşasy Amazýa maslahatlaşyp, Ýehogahazyň ogly, Ýehuwyň agtygy Ysraýyl patyşasy Ýehowaşa çapar ýollap: «Gel, ýüzbe-ýüz bolaly» diýdi. Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy: Madaý welaýatynda ýerleşýän Ekbatana galasyndan bolsa bir kagyz tapyldy. Onda şeýle ýazgy bardy: «Perman: Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne şöhrat getirmek üçin patyşanyň kalbyna bu zatlary salan atalarymyzyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Bu zatlar bolýan wagty men Iýerusalimde däldim, sebäbi Babyl patyşasy Artakserksiň otuz ikinji ýylynda men onuň ýanyna gitdim. Biraz wagt geçensoň, men patyşadan rugsat alyp, Iýerusalime dolandym. Gelibem, Elýaşybyň Hudaýyň öýüniň howlularynda Tobyýa üçin bir otag taýynlap, nädogry iş edendigini eşitdim.
Выбор основного перевода