Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, baştutanlar hem onuň bagyş ediliş dabarasyna sadakalar hödürlediler. Olar öz sadakalaryny gurbanlyk sypasynyň öňüne getirdiler. Ruhanylar mukaddes otagdan daşary çykanlarynda, Rebbiň öýi bulutdan doldy. Onsoň patyşa we onuň ýanyndaky bütin ysraýyl halky Rebbiň huzurynda gurbanlyk berdiler. Süleýman Rebbe salamatlyk gurbanlygy hökmünde ýigrimi iki müň öküz, bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Rebbiň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler. Şol günüň özünde Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Rebbiň huzuryndaky bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny, salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi. Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, Hudaýymyz Rebbiň huzurynda on dört günläp baýram etdiler. Şundan soň Süleýman halky öýli-öýüne ugratdy. Olar patyşany ýalkap, Rebbiň Öz guly Dawuda, halky ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar. Süleýman patyşa Rebbe gurbanlyk hökmünde ýigrimi iki müň öküz we bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Hudaýyň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler.
Выбор основного перевода