Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Onsoň ruhanylar erkeçleri öldürip, olaryň ganyny bütin ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin gurbanlyk sypasynyň üstüne günä gurbanlygy hökmünde dökdüler. Çünki patyşa bütin ysraýyl halky üçin ýakma gurbanlygynyň we günä gurbanlygynyň berilmegini tabşyrypdy. Emma ruhanylar azdyklary üçin ýakma gurbanlyklarynyň hemmesiniň derisini soýup bilmediler. Iş gutaryp, galan ruhanylar inlerini tämizleýänçäler, doganlary lewiler ruhanylara ýardam etdiler, lewiler inlerini tämizlemekde ruhanylara garanda has sap ýüreklidiler. Olar ikinji aýyň on dördüne Pesah janlysyny soýdular. Ruhanylar we lewiler utanyp, inlerini tämizläp, ýakma gurbanlyklaryny Rebbiň öýüne getirdiler. Olar Pesah janlysyny soýdular, ruhanylar-da özlerine berlen gany serpdiler; lewiler bolsa janlylaryň derilerini soýdular. Ruhanylar we lewiler özlerini tämizlänlerinden soň, halky, derwezeleri we diwary-da tämizlediler.
Выбор основного перевода