Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Merýem olara şu aýdymy aýtdy: «Rebbe nagma aýdyň. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy». Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky. Rebbiň baky söýgüsi üçin Oňa alkyş aýtsynlar diýip, olaryň ýanynda Heýmany, Ýedutuny hem-de atlary agzalan beýleki saýlanan adamlary goýdy. Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy. Bütin ysraýyl halky gökden inen ody we öýdäki Rebbiň şöhratyny görende, ýüzüni ýere berip sežde etdi. Halk: «Reb ýagşydyr! Onuň söýgüsi bakydyr!» diýip Rebbe şükür etdi. Lewiler baştutanlary Haşabýa, Şerebýa we Kadmyýeliň ogly Ýeşuwa bir tarapda, doganlary-da beýleki tarapda durup, Hudaýyň guly Dawudyň tabşyryşy ýaly, gezek-gezegine alkyş okap, şükür edýärdiler. Çünki Reb ýagşy, Onuň söýgüsi baky, wepadarlygy – nesillerboýy. Rebbe şöhratlandyryň, ähli milletler! Ony beýgeldiň siz, eý, ähli halklar!
Выбор основного перевода